Rigadaky Hokkeý boýunça Dünýä çempionatyna tomaşaçylar goýberilmez

  • 29.04.2021 15:30
  • 4.2k+

Latwiýanyň häkimiýetleri Rigadaky Hokkeý boýunça Dünýä çempionatyny tomaşaçysyz geçirmek kararyna geldiler. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Soňky üç hepdäniň dowamynda koronawirus ýokuşmalarynyň sany köpeldi. Şunuň bilen baglylykda, Latwiýanyň häkimiýetleri COVID-iň ýaýramagy sebäpli ozal girizilen çäklendirmeleri gowşatmady.
"Gynansagam, häzirki wagtda Latwiýada COVID-19 bilen bagly epidemiologik ýagdaý ýaramazlaşýar. Rigada Hokkeý boýunça Dünýä çempionatyny tomaşaçylaryň gatnaşmagynda geçirmäge mümkinçilik ýok"-diýip, Latwiýanyň premýer-ministri Krişýanis Karinş aýtdy.
Onuň sözlerine görä, janköýerlere ýaryşyň tribunalar boş ýagdaýda geçiriljekdigi barada häzir aýtmak olary biderek ýere umytlandyrmakdan has gowy.
Hokkeý boýunça Dünýä çempionaty 21-nji maýdan 6-njy iýuna çenli aralykda Rigada  geçiriler.

düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......