Ronaldu “Mançester Ýunaýtede” dolanmak üçin aýlyk hakynyň azaldylmagyna razy

  • 26.04.2021 09:55
  • 24k+

“Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu “Mançester Ýunaýtede” dolanyp barmak üçin aýlyk hakynyň azaldylmagyna taýýar. Bu barada “Eurosport” telewizion ulgamyna salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, portugaliýaly oýunçy, hakykatdanam, bu topara goşulmak isleýär, şol sebäpli ol maliýe isleglerini möwsümde 20 mln ýewro çenli azaldyp biler. Häzir 36 ýaşly hüjümçi 31 mln gazanýar. Koronawirus pandemiýasy sebäpli Mançester Ýunaýtediň beýle şertnama baglaşyp bilmejekdigi aýdyňlaşdyrylýar. 
13-nji aprelde “Mançester Ýunaýtediň” fransuz ýarym goragçysy Pol Pogbany Ronaldu bilen çalyşmaga taýýardygy habar berildi. “Ýuwentusyň” şeýle ylalaşyga nähili garaýandygy bolsa mälim edilmedi. Portugaliýaly oýunçynyň turin kluby bilen şertnamasy 2022-nji ýylda tamamlanýar.
Ronaldu şu möwsümde “Ýuwentus” üçin geçirilen ähli ýaryşlarda 38 oýna gatnaşdy. Ol 32 gezek gol geçirdi we bäş gezek netijeli geçirim etdi.
Ronaldu “Mançester Ýunaýted” üçin 2003-nji ýyldan 2009-njy ýyl aralygynda oýnady. Onuň hasabynda bu toparyň düzüminde geçiren 292 oýnunda 118 goly we 69 netijeli geçirimi bar. 

düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......