UFC-niň ýolbaşçysy: Usman ýarym orta agramda MMA-nyň iň gowy söweşijisi

  • 26.04.2021 05:04
  • 13k+

UFC-niň prezidenti Deýna Uaýt MMA-nyň nigeriýaly söweşijisi Kamaru Usmanyň çykyşyna ýokary baha berdi. Bu barada prostoprosport.ru habar berýär.

Ol 33 ýaşly türgeniň ýarym orta agramyň iň gowy wekilidigini we munuň diňe bir amerikan ligasyna däl, eýsem, beýleki guramalara-da degişlidigini aýtdy. 

“Usman – bu diwizionda dünýäniň iň gowy söweşijisi”  - diýip, ol belledi. Delil hökmünde ol söweşijiniň soňky netijelerine salgylandy. 
“Gör, ol nämeler edýär. Her geçiren söweşiniň netijesinde Kamaru kämilleşýär. Ol hemmeleri ýeňdi we indi bu ýigitler bilen ikinji gezek söweşýär. Onuň Kowington bilen söweşi taryhdaky iň gowy söweşleriň biri boldy.
Bu diwizionda bir “ganhor” bar. Size Kowington ýarap hem, ýaraman hem biler, ýöne ol promouşeniň iň gowy söweşijileriniň biri. Şeýle-de bolsa, Usman onuň bilen netijeli söweşdi. Bu meniň haçan-da bolsa gören iň gowy çykyşlarymyň biri” – diýip, Uaýtyň sözlerini BJ Penn saýty getirýär.

25-nji aprelde Usman UFC 261 turnirinde amerikaly Horhe Maswidaly ýeňdi. Ýeri gelende bellesek, garyşyk başa-baş göreşdäki karýerasynyň dowamynda nigeriýaly söweşiji 19 gezek ýeňiş gazandy we bir gezek ýeňildi. Ol ýarym orta agramda UFC-niň çempionydyr.

düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......