Paralimpiýa türgeni Alekseý Talaý täze dünýä rekordyny goýdy

  • 24.04.2021 11:41
  • 17k+

Belarusly paralimpiýa türgeni Alekseý Talaý suwda ýüzmek boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Ol Linýano-Sabbiadoro (Italiýa) şäherinde geçirilen suwda ýüzmek boýunça IPC Dünýä seriýasynda çykyş etdi. Talaý bras görnüşi boýunça 50 metr aralygy 1:18:42 wagtda geçdi. Ol iň agyr SB1 synpynda bäsleşdi diýip, Sputnik gullugy habar berdi.

Türgen toplumlaýyn ýüzmekde 150 metr aralykda ýene bir altyn baýraga mynasyp boldy  we bu aralygy 5 minutda geçdi. Alekseý öz şahsy netijesinden 10 sekunt ir geldi.
Ýeri gelende belläp geçsek, Alekseý Talaý 1999-njy ýylyň 8-nji maýynda, 16 ýaşynda el-aýagyndan mahrum boldy: ol Ikinji Jahan urşy döwrüniň minasyndan ýaryldy. Betbagtçylykdan ozal ol baýdarkada ýüzýärdi, karate, dzýudo, suwda ýüzmek bilen meşgullanýardy.
Güýçli partlamadan soň, Talaý 2016-njy ýylda sporta gaýdyp geldi. Häzir ol ýüzmek boýunça ençeme dünýä we Ýewropa rekordlarynyň eýesi. Paralimpiýa sporty boýunça ol ýurduň milli ýygyndysyna yzygiderli çagyrylýar. Häzir ol bar ünsüni jemläp, Tokioda geçiriljek Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýär.

düýn 23:56
77

Laporta Messä ýadygärlik dikjekdigini aýtdy we Hawi bilen bolan gapma-garşylygy düşündirdi

«Barselona» futbol klubunyň prezidentligine dalaşgär Žoan Laporta Mundo Deportivo neşirine beren interwýusynda Lionel Messä ýadygärlik dikmek we stadionyň gurluşygy tamamlanandan soňra argentinaly hüjümçiniň hormatyna hoşlaşyk duşuşygyny geçirmek niýetiniň bardygy hakynda aýtdy...

düýn 20:25
2.3k+

FIFA dünýä çempionatynyň býujetini 100 million dollar azaltdy

FIFA şu tomusda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň amaly býujetini 100 million dollardan gowrak azaltmak barada netijä geldi. Gurama munuň sebäbini girdejileriň 90 göterimini bütin dünýäde futboly ösdürmäge gönükdirmek bilen düşündirýär diýip, «The Athletic» neşiri habar berýär...

düýn 18:35
2k+

Tim Szýu Awstraliýadaky ýaryşda ýeňilmezek Denis Nurja bilen urşar

5-nji aprelde Awstraliýanyň Wullongong şäherinde boks agşamy geçiriler. Onuň esasy duşuşygynda birinji orta agramda öňki dünýä çempiony, awstraliýaly Tim Szýu bilen ýeňilmedik alban boksçysy Denis Nurja duşuşar...

düýn 15:29
2.8k+

Türkmen tälimçisi Orif Buharakow hapkido boýunça IV dan gara guşagyň eýesi boldy

Türkmenistanyň «Hanmudo» söweş sungaty federasiýasynyň başlygy, ýurduň at gazanan tälimçisi Orif Buharakow hapkido boýunça IV dan gara guşagyny aldy. THP-niň habar bermegine görä, degişli şahadatnama halkara synag üstünlikli tabşyrylandan soň gowşuryldy...