Raýan Meýson möwsümiň ahyryna çenli «Tottenhemiň» baş tälimçisi wezipesini ýerine ýetirer

  • 22.04.2021 14:19
  • 9.3k+

29 ýaşly Raýan Meýson möwsümiň ahyryna çenli «Tottenhemiň» baş tälimçisi wezipesini ýerine ýetirer. Bu barada london klubunyň resmi Twitter akkauntyna salgylanyp, betonmobile.ru habar berýär.

Baş tälimçiniň wagtlaýyn kömekçileri Kris Pauell bilen Naýjel Gibbs bolar. Mişel Worm derwezebanlaryň tälimçisi bolar. Şeýle-de, Ledli King baş tälimçiniň kömekçisi bolmagynda galar.
«Tottenhemiň» başlygy Daniel Lewi täze tälimçi düzümine hem-de topara uly umyt bildirýändigini aýtdy.

«Biz zehinli oýunçylaryň toparyna örän ynanýarys. Biziň öňümizde Kubok finaly we Premýer liganyň alty oýny bar. Biz indi ähli güýjümizi möwsümiň netijeli tamamlanmagyna gönükdireris» – diýip, Lewiniň sözlerini london klubunyň resmi saýty getirýär.

Meýson «Tottenhemiň» ýetişdiren oýunçysy bolup, klub üçin 2009-njy ýyldan 2016-njy ýyl aralygynda oýnady. 2018-nji ýylda kellesine agyr şikes ýetensoň, oýunçy karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi.
Häzirki möwsümde «Tottenhem» 32 tapgyrdan soň 50 utuk bilen Angliýanyň premýer ligasynda ýedinji orny eýeleýär. Ýekşenbe güni «Tottenhem» Angliýanyň ligasynyň kubogynyň finalynda «Mançester Siti» bilen duşuşar.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......