Žoze Mourinýu «Tottenhemiň» tälimçisi wezipesinden gitdi

  • 20.04.2021 11:19
  • 8.1k+

«Tottenhem Hotspur» resmi saýtynda Žoze Mourinýunyň toparyň baş tälimçisi wezipesinden aýrylandygyny habar berdi. Halypa bilen bilelikde onuň kömekçileri hem klubdan gitdi diýip, sportmail.ru belleýär.

Soňky bäş oýunda «Tottenhem» diňe bir gezek ýeňiş gazandy, iki gezek ýeňildi we iki gezek hem deňme-deň oýnady. Möwsümiň ahyryna çenli alty tapgyrda london kluby ýewrokubok zonasyndan 4 utuk yza galyp, Angliýanyň Premýer ligasynyň turnir sanawynda ýedinji orny eýeleýär.
Mourinýu 2019-njy ýylyň güýzünde «Tottenheme» ýolbaşçylyk edip başlady, ol bu wezipede möwsümiň şowsuz başlamagy sebäpli işden aýrylan Maurisio Poçettinonyň ornuny çalşyrdy. Portugaliýaly hünärmeniň ýolbaşçylygynda topar Angliýanyň çempionatynda altynjy orny eýeledi we Ýewropa ligasyna çykdy, ýaňy-ýakynda 1/8 finala çykyp, «Dinamo Zagrebden» ýeňildi.
«Tottenhemden» öň Mourinýu «Mançester Ýunaýtedde», «Çelside», «Realda», «Interde» we «Portuda» işledi.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......