UEFA indiki möwsümde myhmançylykdaky gol düzgünini üýtgetmegi meýilleşdirýär

  • 17.04.2021 16:17
  • 16k+

UEFA indiki möwsümden ýewrokuboklarda myhmançylykdaky gollaryň düzgünine üýtgeşme girizmek isleýär diýip, “The Sun” neşiri habar berýär. Muny sport-express.ru ýetirýär.

KHBS-iň maglumatlary boýunça, UEFA-nyň ýaryşlar boýunça komitetiniň mejlisinde myhmançylykdaky gollarynyň diňe oýnuň esasy wagtynda artykmaçlyga eýe boljakdygyny görkezýän düzgün ylalaşylar.
Häzir pleý-off raundlarynda eger iki oýnuň jemi boýunça umumy netije deň bolsa, onda “myhmançylykda”, ýagny garşydaşynyň meýdançasynda köp gol salan topar ýeňiş gazanýar. Indi myhman gollaryny iki futbol duşuşygynyň diňe esasy wagtynda hasaba almak göz öňünde tutulýar. Eger geçen iki oýnuň jemi boýunça islendik goşmaça wagt bellenilse, myhmançylykda oýnaýan topar myhman golunyň artykmaçlygyna eýe bolmaz. 
Üýtgeşmeler ylalaşylan ýagdaýynda, eger goşmaça wagtda toparlaryň ikisi hem deň mukdarda gol geçirse, ýeňijini kesgitlemek üçin penalti belleniler.
Ýatlap geçsek, myhman golunyň artykmaçlyga eýe düzgüni 1965/66-möwsüminde girizildi.

düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......