"Real" we "Mançester Siti" Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdy

  • 15.04.2021 13:14
  • 9.7k+

Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygynda Madridiň "Realy" "Enfilde" "Liwerpul" bilen duşuşdy.

"Liwerpulyň" futbolçylary birinji ýarymda köp hüjüm etseler hem, dört sany howply mümkinçiligi peýdasyna ulanyp bilmediler. "Realdan" Tibo Kurtua diýseň ygtybarly oýnady. Duşuşyk golsuz deňme-deňlikde tamamlandy. Bu klublaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk 3:1 hasapda "Realyň" peýdasyna tamamlandy.

Ugurdaş duşuşykda "Mançester Siti" Dortmundyň "Borussiýasyny" 2-1 hasabynda ýeňdi.
Dortmundyň "Borussiýasy" 15-nji minutda birinji bolup hasaby açdy, ýöne Riýad Mareziň (pen.) hem-de Fil Fodeniň ikinji ýarymda geçiren gollary oýny düýpgöter üýtgetdi. Şol hasap Mançesterdäki ilkinji oýunda-da hasaba alnypdy.

Şeýlelik bilen, 2020-2021 möwsümiň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň iki jübüti hem kesgitlenildi. "Real" "Çelsi" bilen, "Mançester Siti" bolsa "Pari Sen Žermen" bilen oýnar. Bu tapgyryň ilkinji oýunlary 27-nji we 28-nji aprelde, jogap oýunlary bolsa 4-nji we 5-nji maýda geçiriler.

düýn 21:03
1.1k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

düýn 15:42
6.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......