Türkmenistanda Ukrainanyň täze bellenen ilçisi işläp başlady

  • 13.04.2021 11:27
  • 8.7k+

12-nji aprelde Ukrainanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýko Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy hem-de Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik nukdaýnazaryndan uzak möhletli esasda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça düýpli pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşy, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, bar bolan özara gyzyklanma diňe iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň biri-birine bähbitliligi bilen däl-de, eýsem, iki dostlukly halkyň öňden gelýän taryhy we medeni-ruhy gatnaşyklary bilen şertlendirilendir.
Wiktor Maýko 2005-2010-njy ýyllar aralygynda hem Türkmenistanda bu wezipede işläpdi. Öz wagtynda Türkmenistanda köp ýyllar işlän ilçi ýurdumyzda bolup geçen özgerişliklere ýokary baha berip, bu günki gün Aşgabadyň abadançylygy hem-de soňky ýyllarda kemala gelen täsin binagärlik toplumlary bilen haýran galdyrýandygyny aýtdy.

düýn 19:01
953

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......