Zinedin Zidan möwsümiň ahyrynda “Realdan” gidip biler

  • 11.04.2021 20:28
  • 13k+

Madridiň “Realynyň” baş tälimçisi Zinedin Zidan ispan klubundan gitmek barada pikirlenýär. Şeýle maglumaty Telemadrid telestansiýasyna salgylanyp, prostoprosport.ru berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, fransuz hünärmeni fiziki we psihiki taýdan ýadandygy sebäpli, şertnamasyny wagtyndan öň ýatyrmagy göz öňünde tutýar. Onuň madrid kluby bilen şertnamasy bolsa 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenen.
Ýöne şertnama onuň klubdan wagtyndan öň gitmegine mümkinçilik berýär, sebäbi degişli punkt ýolbaşçylyk bilen ylalaşyldy.
Ýatlap geçsek, Zidan 2016-njy ýyldan 2018-nji ýyl aralygynda “Realyň” tälimçisi boldy. Bu döwürde klub Çempionlar ligasynda yzygider üç gezek ýeňiş gazandy. Zidan 2019-njy ýylyň mart aýynda “Realyň” tälimçi wezipesine dolandy. 

şu gün 00:22
1.5k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....

düýn 23:24
1.1k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....

düýn 20:58
3.3k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

düýn 18:34
2k+

Ýewropada subsidiýa syýasaty tankyt edildi: awtoulagyň howpsuzlygy goldawyny ýitirýär

Ýewropanyň elektrik ulaglaryny goldaýan syýasaty ulagyň howpsuzlygyny bahalandyrýan gurama bolan Euro NCAP tarapyndan tankyt edildi. Onuň ýolbaşçysy Mihel wan Ratingen hökümetleriň elektrik ulaglaryna......