Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň birinji duşuşyklarynyň netijeleri

  • 09.04.2021 13:32
  • 11k+

Ýewropa ligasynyň 1/4 final tapgyrynyň birinji duşuşygynda «Mançester Ýunaýted» öz meýdançasynda «Granadany» 2:0 hasabynda ýeňdi. Gollary Markus Reşford (31-nji minut) we Brunu Fernandeş (90, pen.) geçirdi.

Londonyň «Arsenaly» bilen Praganyň «Slawiýasynyň» arasyndaky duşuşykda hasap 86-njy minutda açyldy. Iňlis klubundan Pepe gol geçirdi. Emma emin tarapyndan goşulan goşmaça wagtda çeh klubunyň futbolçylary Goleşiň tagallalary bilen hasaby deňlediler. Netijede duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.
«Aýaks» öz meýdançasynda «Romadan» 1:2 hasabynda ýeňildi. Niderland klubundan Klasseniň 39-njy minutda ilki bolup hasaby açandygyna garamazdan, Pellegrini (57) we Rojer Ibanýes (87) klubuna myhmançylykdaky ýeňşi getirdi. 
Ýewropa ligasynyň 1/4 final tapgyrynyň çäklerinde Zagrebiň «Dinamosy» öz meýdançasynda Unai Emeriniň «Willarealyndan» 0:1 hasabynda ýeňildi. Duşuşykda ýeke-täk goly 44-nji minutda Žerar Moreno penaltiden geçirdi.

 

şu gün 02:45
53

Gar barsy 6-njy Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň tumary boldy

Şu ýyl Gyrgyzystanda geçiriljek 6-njy Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň resmi tumary yglan edildi. Ol güýjüň hormat goýmak bilen utgaşýandygyny, däp-dessurlaryň bolsa dünýä açykdygyny görkezýän gar barsy......

düýn 15:00
5.5k+

Saud Arabystanynda täze trassa “Formula 1” ýaryşlaryny howa göterer

Saud Arabystanynda täze “Formula 1” trassasy gurulýar, onuň bir bölegi takmynan 70 metr belentlikden geçer. Er-Riýaddan takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän Qiddiya etrabynda ýerleşýän bu taslama......

düýn 11:00
4.4k+

Dýökereş özüniň goluny dabara edişini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrdy

Şwesiýaly hüjümçi Wiktor Dýökereş gollaryny «maska» hereketi bilen bellemek dabarasy üçin resmi haryt nyşanyny hasaba aldyrdy. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano habar berdi....

03.04.2026 23:31
1.7k+

Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....