Türkmenistana lukmançylyk maksatly «ANSAT» kysymly täze dikuçar gelip gowuşdy

  • 09.04.2021 12:51
  • 17k+

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy boýunça Kazan dikuçar zawody (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) tarapyndan öndürilen lukmançylyk maksatly «ANSAT» kysymly täze tiz kömek dikuçary ýurdumyza gelip gowuşdy. Ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilen täze dikuçary Gurbanguly Berdimuhamedow gözden geçirdi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow dikuçaryň esasy tehniki häsiýetnamalary barada hasabat berip, onuň şäher şertlerinde gaýragoýulmasyz tiz kömek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, ýöriteleşdirilen hassahanalara gysga wagtyň içinde näsaglary eltmek üçin niýetlenendigini belledi. Bu dikuçar reanimasiýany, ýokary derejeli bejerişi özünde jemlemek bilen, şikes alan raýatlara gönüden-göni ýerinde ilkinji gyssagly lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik berýän iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Döwlet Baştutany dikuçaryň içindäki ýöriteleşdirilen keseli anyklamaga hem-de näsagyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge niýetlenen enjamlaryň işi bilen tanyşdy.
Dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň kämil önümi bolan bu enjam dikuçaryň hereket ediş ýagdaýlaryna laýyklykda, ýagny tehnikanyň titremesine, asmana göterilişine we beýleki häsiýetlerine görä taýýarlanandyr. Bu enjam şu kysymly dikuçarlarda birnäçe ýyllardan bäri netijeli ulanylyp gelinýär. Hususan-da, “ANSAT” dikuçarynyň lukmançylyk kysymy sanly defibrillýator bilen üpjün edilendir. Ol ýürek urşunyň ýygylygyny awtomatik usulda seljerýär we zerur bolanda onuň täzeden işlemegini awtomatik usulda amala aşyrýar. Şeýle hem emeli dem alyş enjamy oturdylandyr. Eger näsaga birden zerurlyk ýüze çykyp, kislorod bilen üpjün etmeli bolsa, bu enjam ulanylýar. Esasy bellemeli aýratynlyk, onuň ýaňy doglan çagadan başlap, has uly ýaşly adamlara çenli ulanmaga niýetlenen köpugurly enjam bolup durýanlygydyr. Raýatyň ýaş görkezijisini girizseň, şonuň esasynda, bu enjamyň özi awtomatik usulda zerur kislorody berýär.
Döwlet Baştutany täze dikuçar iş ýüzünde ulanylyp görlenden soň, şeýle tehnikany ýurdumyzyň beýleki welaýatlary üçin hem satyn almagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburowa hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa tabşyrdy.
Türkmen Lideri “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowa, içeri işler ministri M.Çakyýewe, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi hem-de eger zerur bolsa, tehnikalary Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň alyp barýan işlerinde hem ulanmagy tabşyrdy.

düýn 23:49
223

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....