Eýranyň işewür toparlary Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýär

  • 09.04.2021 12:06
  • 7.4k+

8-nji aprelde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde taraplar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mohammad Jawad Zarif Eýran tarapynyň tutuş Merkezi Aziýada geosyýasy deňagramlylygy, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm şerti bolan ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny hem-de häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge oňyn çemeleşmelerini goldaýandygyny belledi.
Öz nobatynda, diplomat Eýran tarapynyň möhüm halkara taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri geljegi uly türkmen bazarynyň ýylsaýyn tutuş dünýäden maýadarlaryň we meşhur kompaniýalaryň köp sanlysynyň ünsüni özüne çekýändigini belläp, öz ýurdunyň işewür toparlarynyň hem öňden gelýän gatnaşyklary giňeltmäge hem-de Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleri bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklaryň özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak häsiýetiniň goňşy ýurtlara diňe bir gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmäge däl, eýsem, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we usullaryny gözlemäge mümkinçilik berýändigi barada umumy pikir beýan edildi.

şu gün 02:06
582

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

düýn 20:46
4.8k+

ABŞ-da 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wiza» tassyklanyldy: eýýäm ýüzlerçe arza taýýar

Donald Trampyň administrasiýasy ABŞ-da ýaşamak rugsadyny berýän 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wizany» tassyklady. Söwda ministri Goward Lýutnik häzirki wagtda bu mümkinçilige eýe bolmak üçin ýüzlerçe......

düýn 09:48
1.6k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......

25.04.2026 16:51
7.8k+

Aziýa baýlarynyň sanawy üýtgedi: Gautam Adani Mukeş Ambaniden öňe geçdi

Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär....