Türkmenistanda köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi

  • 08.04.2021 09:15
  • 11k+

7-nji aprelde Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi.

Welosiped ýörişine gatnaşyjylar Saglyk ýolundan uzap gidýän Arçabil hem-de Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry boýunça herekete başlap, paýtagtymyzyň şaýollary boýunça hereketini dowam etdiler. Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ýolunyň ugrunda döredijilik toparlarynyň çykyşlary boldy.
Welosiped sportunyň ýurdumyzda uzak taryha hem-de däplere eýedigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti 1894-nji ýylda, ýagny 127 ýyl mundan ozal döredildi. Bir ýyldan soň bolsa ilkinji ýaryşlar geçirilip, Türkmenistanda sportuň bu görnüşini ösdürmäge badalga berildi.
Belläp geçsek, şu ýyl paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça dünýä çempionaty guralar.

düýn 15:56
6.1k+

Messi karýerasynda 900-nji goluny geçirdi. Munuň üçin oňa Ronaldudan az wagt gerek boldy

«Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi Lionel Messi karýerasynda 900-nji goluny geçirdi. Ol özüniň ýubileý goluny KONKAKAF Çempionlar kubogynyň çäginde «Neşwill» toparyna garşy geçirilen oýunda (hasap 1:1) derwezä girizdi...

düýn 11:43
6.4k+

ÇL: «Barselona» «Nýukasly» parçalady, «Liwerpul» «Galatasaraýy» ýeňlişe sezewar etdi

UEFA-nyň Çempionlar ligasyndaky agşamlar seýrek ýagdaýda rahat geçýär, emma bu gezekki oýunlar aýratyn şüweleňli boldy. Gol yzyna gol tirkeldi, faworitler garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik goýmady, Londonda bolsa soňky minutlara çenli gyzykly pursatlar dowam etdi...

18.03.2026 12:45
6.4k+

Senegal Afrikanyň kubogyny elinden aldyrdy, çempion tituly Marokko berildi

Senegalyň milli ýygyndysy 2025-nji ýylyň Afrika milletleriniň kubogynyň ýeňijisi diýen tituldan mahrum edildi. Afrikanyň futbol konfederasiýasy (CAF) Marokko futbol federasiýasynyň şikaýatyny kanagatlandyrdy we final duşuşygynyň netijesini üýtgetdi — indi senegallylara tehniki ýeňliş ýazyldy, ýeňiş bolsa resmi taýdan Marokkonyň ýygyndysyna berildi...

18.03.2026 11:32
7.3k+

ÇL: «Budýo-Glimt» ertekisi tamamlandy, «Real» «Sitini» gaýtardy, PSŽ bolsa KDÇ üçin aryny aldy

18-nji marta geçilen gije Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykan ilkinji dört topar belli boldy. Geçen oýunlara gysgaça syn bersek: «Budýo-Glimtiň» ertekisi Lissabonda tamamlandy Norwegiýanyň «Budýo-Glimt» topary ýaryşyň esasy açyşy hasaplanylýardy — topar kyn ýoly geçip, hatda «Interi» hem ýaryşdan gaýtarmagy başarypdy...