Çempionlar ligasynyň 1/4 finaly: «Bawariýa» «PSŽ-den» utuldy

  • 08.04.2021 09:27
  • 11k+

Penşenbä geçilýän gije Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary dowam etdi.

Mýunheniň «Bawariýasy» öz meýdançasynda «PSŽ-den» ýeňildi (2:3). Duşuşygyň eýýäm 28-nji minudynda nemes kluby 0:2 hasabynda utulyp gelýärdi. Parižlilerden Kilian Mbappe we Markinýos gol geçirdiler. Soňra «Bawariýadan» Erik-Maksim Şupo-Moting we Tomas Mýuller hasaby deňlemegi başardy. Mýunhenliler garşydaşyna aýgytly hüjümlerini dowam etseler hem, Mbappe ikinji goly bilen duşuşygy jemledi.
Beýleki oýunda «Çelsi» myhmançylykda «Portudan» üstün çykdy (2:0). London klubunyň düzüminde Meýson Maunt bilen Ben Çiluell gol geçirdi.

Bu klublaryň arasynda jogap duşuşyklary 14-nji aprelde 00:00-da (aşgb. wagty bilen) geçiriler.

şu gün 01:02
179

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

düýn 18:10
2.9k+

Aljameýn Sterling Ýussef Zalaldan üstün çykdy: UFC Fight Night 274 ýaryşynyň netijeleri

26-njy aprelde Las-Wegasda (Newada ştaty, ABŞ) «UFC Fight Night 274» ýaryşy tamamlandy. Agşamyň esasy tutluşygynda UFC-niň iň ýeňil agramyndaky öňki çempiony, amerikaly Aljameýn Sterling ýarym ýeňil agramyň......

25.04.2026 15:19
1.2k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.5k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....