Pandemiýadan soň haýsy ýurtlaryň ykdysadyýeti tiz dikeler

  • 07.04.2021 23:08
  • 23k+

2021-nji ýylda koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan çökgünlikden soň, dünýä ýurtlary ykdysadyýetini çalt dikelderler. Bloomberg Economics-iň analitikleriniň pikiriçe, Hytaý Halk Respublikasy we Amerikanyň Birleşen Ştatlary “pandemiýadan öňki” ykdysady görkezijilere beýleki ýurtlara garanda ir dolanyp, olary gowulandyrmagy dowam etdirerler. Bu ilatyň COVID-19-a garşy sanjym alyş tizligi we berk pul-karz syýasaty bilen baglanyşyklydyr. Bu barada lenta.ru belleýär.

Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Beýik Britaniýa we Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň ykdysady görkezijileri pese gaçmagyny dowam etdirer. Şeýle-de, Braziliýa, Hindistan we Russiýa hem “pandemiýadan soňky dünýäniň liderlerinden” yza galarlar. Bu, esasan, ýurtlaryň ilatynyň ep-esli bölegine sanjym etmegi nähili çalt başarjakdyklaryna baglydyr. Bloomberg hünärmenleriniň maglumatlaryna görä, ABŞ-da ilatyň tas dörtden bir bölegine sanjym edilen, Ýewropa Bileleşiginde bu görkeziji heniz 10 göterime ýetenok, Meksikada, Braziliýada we Russiýada bu 6 göterime deň.
Umuman, dünýä ykdysadyýeti rekord depgini bilen dikeler we onuň ösüşi ýarym asyrdan gowrak wagtyň içinde rekord derejeli bolan 6,9 göterime barabar bolar. 

düýn 19:01
901

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......