Habib taryhyň iň gowy futbolçysy hakynda aýtdy

  • 05.04.2021 16:34
  • 32k+

UFC-niň ýeňil agram derejesinde öňki çempiony Habib Nurmagomedow Kriştianu Ronalduny taryhyň iň meşhur futbolçysy hasaplaýandygyny aýtdy we munuň sebäbini düşündirdi. Bu barada championat.com habar berdi.

“Kriştianu Ronaldu - bu adam meniň üçin futbolyň taryhynda iň gowusy. Ol 2004-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynda portugaliýalylar greklerden ýeňilende, eýýäm şol wagt finaldady. 2004-nji ýyldan häzirki güne çenli hem şeýle: bu ýyl ol A Seriýadaky toparlaryň ýaryşynyň öňüni çekýär. Ol 16 ýyl bäri iň ýokary derejede we şol derejede hem oýnaýar"-diýip, Habib "UFC Russia" YouTube kanalyna beren interwýusynda aýtdy.

14-nji martda 36 ýaşly portugaliýaly hüjümçi Peleniň karýerasyndaky gollarynyň sany boýunça absolýut rekordyny täzeläpdi.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......