Ronaldunyň dawaly golundaky kapitanlyk daňysy 64 müň ýewro satyldy

  • 04.04.2021 12:58
  • 26k+

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň Dünýä çempionaty-2022-niň saýlama ýaryşynyň Serbiýa (2:2) bilen oýnundaky kapitanlyk daňysy haýyr-sahawat auksionynda satyldy. Bu barada matchtv.ru habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, şol duşuşygyň soňky sekuntlarynda 36 ýaşly hüjümçiniň depen topy derweze çyzygyndan geçenden soň çykarylypdy, ýöne emin muny gol hasaplamandy. Eminiň kararyna gahary gelen Ronaldu kapitanlyk daňysyny ýere zyňyp, eşik çalşylýan otaga tarap ugrapdy. Ýerde galan daňyny duşuşykdan soň ýangyn söndürijileriň biri aldy. Ol muny agyr keselli çagalara kömek berýän haýyr-sahawat guramasyna tabşyrdy.
Guramanyň esaslandyryjysy Ýowan Simiçiň Twitterde ýazmagyna görä, kapitanlyk daňysy 63,8 müň ýewro satylypdyr. Auksiondan gelen girdeji arka myşsalarynyň atrofiýasyndan ejir çekýän alty aýlyk kraguewakly çagajyk Gawrilo Djurdjewiçiň bejergisine gönükdiriler.

düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......