Türkmenistan RF-niň Astrahan welaýatyna ynsanperwerlik ýüküni ugratdy

  • 03.04.2021 12:18
  • 29k+

Türkmenistan dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna ynsanperwerlik ýüküni ugratdy.

Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Şol sebitleriň hatarynda ýakyn ykdysady we medeni gatnaşyklar ýola goýlan Astrahan welaýaty bar. Bu sebite Türkmenistanda öndürilen önümleriň iberilmegi hemmeler üçin iň çylşyrymly döwürde ýakyn goňşyňa doganlyk kömegini bermekde hoşniýetli erkiň nobatdaky ýüze çykmasydyr.
Belläp geçsek, ýurdumyz özara kömek bermegiň köpasyrlyk däplerine eýerip, beýleki döwletlere we halklara kömek goluny uzatmaga hemişe taýýardyr. Tutuş adamzat üçin hakyky synaga öwrülen koronawirus pandemiýasy sebäpli dörän çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, dostluk kömegini bermek maksady bilen, goňşy Owganystana we Eýrana ynsanperwer ýükleri ugradyldy.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......