Tim Szýu Dennis Hogany ýeňip, WBO Global-yň çempionlyk guşagyny gorady

  • 02.04.2021 17:35
  • 8.5k+

Awstraliýada geçirilen boks agşamynyň esasy söweşinde Tim Szýu we irlandiýaly Dennis Hogan WBO Global-yň birinji orta agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrunda göreşdiler.

Tutluşygyň bäşinji döwüniň ahyrynda duşuşygyň emini söweşi togtatdy we Szýunyň möhletinden öň ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.
26 ýaşly Szýu üçin bu ýeňiş karýerasyndaky 18-nji ýeňşi boldy (14-si nokaut bilen). Öňki absolýut dünýä çempiony Konstantin Szýunyň ogly häzire çenli ýekeje gezek hem ýeňilmedi. 36 ýaşly Hogan 28 ýeňiş (7-si nokaut bilen) we 1 deňlik bilen karýerasyndaky 4-nji ýeňlişini başdan geçirdi.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......