Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatyna çykmaga ýakyn

  • 01.04.2021 16:31
  • 33k+

Katarda geçiriljek Dünýä çempionatyna saýlama oýunlary eýýäm güýçli depgin bilen badalga aldy. Ýakyn wagtda bize has gyzykly oýunlar garaşýar. Dünýäniň naýbaşy futbol ýaryşyna Aziýadan 6 topar gatnaşar. «Kabul ediji ýurt» hökmünde, Kataryň milli ýygyndysy ýaryşa gatnaşmagyny eýýäm kepillendirdi. Dört topar ýaryşyň final tapgyryna çykar, ýene bir topar bolsa kontinentara pleý-offda bäsleşer.

Saýlama ýaryşy 4 tapgyrdan ybaratdyr.
Birinji tapgyr: Reýtingdäki iň aşakdaky 12 milli ýygyndy biri-birine garşy oýun geçirdi. 6 ýeňiji indiki tapgyra çykdy.
Ikinji tapgyr: 40 topar 8 toparça bölündi. 8 ýeňiji we ikinji ýerdäki iň oňat dört topar indiki tapgyra çykar we 2023-nji ýyldaky Aziýanyň kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanýar.
Üçünji we dördünji (final) tapgyrlar soň yglan ediler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýada 20-nji , dünýäde bolsa (FIFA-nyň reýtingine görä) 132-nji ýerde durýar we awtomatiki usulda ikinji tapgyra çykdy.
Häzirki wagtda Türkmenistan 5 oýunda 9 utuk toplap, öz toparçasynda 1-nji orny eýeleýär we geçirilen we goýberilen gollarynyň tapawudy 8-5-e barabar. Ýöne, onuň edil yzyndan 8 utuk we 10-0 gol tapawudy bilen beýlekilerden bir oýun az oýnan Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy gelýär.
Milli ýygyndymyz ikinji saýlama tapgyryny esasy bäsdeşimiz Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndysyna garşy oýun bilen dowam etdirer. Bu toparlaryň arasyndaky ilkinji oýun garşydaşlaryň peýdasyna 0:2 hasabynda tamamlanypdy.
Geljekde - 11-nji iýunda bize Liwanyň milli ýygyndysy bilen boljak gyzykly oýun garaşýar. Ilkinji duşuşykda Liwan 2:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
Saýlama ýaryşlaryň ikinji tapgyry KHDR-e garşy duşuşyk bilen tamamlanar. Bu iki ýygyndy toparyň arasyndaky birinji duşuşyk 3-1 hasabynda tamamlanypdy. 90+4 minutda «Ýuwentusyň» öňki oýunçysy Han Kwan Son toparyndan ýeke-täk pökgini geçirmegi başarypdy.

Ine, şu duşuşyklarda ýigitlerimiz utuklaryň mümkin bolan köplügini gazanmaga synanyşmaly hem-de Koreýa Respublikasynyň säwlik goýbermegine garaşmaly. Bardy-geldi Günorta-Gündogar Aziýadan bu ýygyndy ýaryşdaky ähli duşuşyklaryny üstünlikli geçiräýen halatynda-da, biziň milli ýygyndymyza toparynda ikinji orny eýelän iň gowy 4 ýygyndynyň biri bolmaga mümkinçilik bar.
Toparda ikinji orny eýelän iň gowy ýygyndy kesgitlenilende, topardaky bäşinji ýygyndy bilen oýnalan duşuşyk hasaba alynmaýar. Biziň ýagdaýymyzda Şri-Lanka bilen oýun hasaba alynmasa gerek (çünki hut şu ýygyndy toparda soňky orny eýelemegi gaty ahmal).
Utuklar deň bolan ýagdaýynda iň gowy ikinji ýeri kesgitlemek üçin şu şertler ulanylar:

  • Geçiren hem-de geçirden gollarynyň aratapawudy;
  • Geçiren gollarynyň jemi sany;
  • Özara duşuşyklarda gazanylan utuklaryň sany;
  • Özara duşuşyklarda geçirilen gollaryň jemi sany;

Çylşyrymly ýoluň aglaba bölegi yzda galdy, geljekde bize aýgytlaýjy duşuşyklar garaşýar.
TmCars-yň adyndan milli ýygyndymyza üstünlik arzuw edýäris!

şu gün 10:12
3.9k+

Neýmaryň kakasy Pele brendi üçin hukuk satyn aldy

Braziliýaly futbolçy Neýmaryň kakasy Neýmar da Silwa Santosa degişli bolan NR Sports kompaniýasy Pele brendi üçin hukuk satyn aldy. UOL portalynyň maglumatlaryna görä, şertnamanyň bahasy 18 mln dollar boldy. Satyn alyş barada resmi bildirişiň çarşenbede bolmagyna garaşylýar...

şu gün 10:00
2.3k+

“Barselona” “Kamp Nou” stadionyna gaýdyp geljek wagtyny aýtdy

22-nji noýabrda “Barselona” durkuny täzelemek işlerinden soň “Kamp Nou” stadionynda ilkinji öý oýnuny geçirer. Şol gün topar Ispaniýanyň çempionatynyň 13-nji tapgyrynda Bilbaonyň “Atletigine” garşy oýnar. “Kamp Nou” 2023-nji ýyldan bäri abatlaýyş üçin ýapykdy, topar oýunlaryny wagtlaýyn Luis Kompanis adyndaky Olimpiýa stadionynda (öň Montžuik Olimpiýa stadiony hökmünde belli) geçirdi...

şu gün 09:57
3.7k+

Aleksandr Usik WBO çempiony titulyndan ýüz öwürdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) dünýä çempiony titulyndan ýüz öwürdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi. “WBO agyr agramda guşagyň geljegi bilen baglylykda Aleksandr Usigiň toparyndan resmi habarnama kabul etdi...

düýn 23:55
8.4k+

Türkmenistan Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda Hytaý Taýpeýinden üstün çykdy

zzTürkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň bäşinji duşuşygynda Hytaý Taýpeýinden üstün çykdy. Duşuşyk 18-nji noýabrda Arkadag şäheriniň stadionynda geçip, 3:1 hasabynda tamamlandy...