Dünýä ykdysadyýeti pandemiýa sebäpli 3,5 trillion dollar ýitgi çekdi

  • 27.03.2021 18:50
  • 7.1k+

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşinin koronawirus pandemiýasyndan dünýä ykdysadyýetine ýeten ýitginiň 2008-nji ýylyň çökgünliginiň ýetiren ýitgisinden iki esse köpdügini aýtdy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Onuň pikiriçe, koronawirus pandemiýasy XXI asyryň iň uly kynçylyklarynyň biri hökmünde taryha girer. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bu Ikinji jahan urşundan bäri iň uly global çökgünlik bolup durýar.

«Dünýä ykdysadyýetiniň ýitgisi 3,5 trillion dollardan gowrak boldy. Bu 2008-nji ýyldaky çökgünlik döwründen iki esse köpdür» — diýip, Werşinin belledi.

Ol bu ýagdaýyň hem milli ykdysadyýetiň, hem halkara guramalarynyň jebisliginiň çynlakaý synagyna öwrülendigini sözüniň üstüne goşdy.
Ýakynda BMG pandemiýanyň dünýä ýurtlarynyň durnukly ösüşine ýetirýän täsiri barada hasabatyny neşir etdi. Hasabatda kowid çökgünliginiň iş orunlarynyň 114 mln san azalmagyna we aşa garyplaryň sanynyň 120 mln san artmagyna sebäp bolandygy bellenilýär. Pandemiýanyň netijelerini ýeňip geçmek üçin hökümetler tarapyndan 16 trln dollar bölünip berildi. 

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......