Tokiodaky Olimpiada daşary ýurtly janköýerler gatnaşmaz

  • 21.03.2021 23:50
  • 3.9k+

Koronawirus pandemiýasy sebäpli şu ýyl Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlary daşary ýurtly janköýerler gatnaşmazdan geçiriler diýip, guramaçylyk komiteti Halkara Olimpiýa we paralimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylary bilen onlaýn duşuşykdan soň yglan etdi. Bu barada Regnum habarlar agentligi habar berýär.

“Bu karar, ilkinji nobatda, pandemiýa döwründe howpsuzlygy üpjün etmek zerurlygy bilen baglanyşykly” – diýip, Oýunlaryň geçirilmegine jogapkär Ýaponiýanyň Olimpiada we gender deňligi işleri boýunça ministri Tamaýo Marukawa aýtdy. 

Ol sport meýdançalarynda ýapon tomaşaçylarynyň gatnaşmagyna çäklendirmeleriň bolup-bolmazlygy barada kararyň aprel aýynda kabul ediljekdigini sözüniň üstüne goşdy. 
Marukawa Tokiodaky Olimpiadany guraýjylaryň janköýerleriň petek satyn almak üçin sarp eden pullarynyň öwezini doljakdygyny belledi. Daşary ýurtlarda, takmynan, 1 mln petek satyldy diýlip hasaplanylýar. Ýaponlara bolsa ýaryşlar üçin 4,5 mln töweregi petek satyldy.
Ýatlap geçsek, pandemiýa sebäpli Oýunlar yza süýşürildi we indi ony 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgust aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär. Olimpiadanyň “Tokio-2020” ady saklanyp galdy.

düýn 23:00
3.9k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......

11.05.2026 22:47
6.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

11.05.2026 07:18
9k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.5k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....