Ýaponiýa Olimpiýa oýunlaryna goşmaça çäklendirmeler girizdi

  • 16.03.2021 14:30
  • 7k+

Ýapon häkimiýeti Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda daşary ýurtlaryň ýolbaşçylaryna ýoldaş boljak adamlaryň sanyny çäklendirmekçi bolýar. Şeýle çäreler pandemiýa bilen baglanyşykly diýip, vesti.ru habar berýär.

Ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň topary 11 adamdan, ministrleriň ýanyndakylar hem dört adamdan köp bolmaly däldir. Olaryň ählisi ýurda gelmezden 72 sagat öň geçirilen koronawirus üçin otrisatel barlag tabşyrmaly bolar. Howa menzilinde hem ýene bir barlag tabşyrylar. Olar ýaryşlarda çykyş edýän türgenler bilen duşuşyp bilmezler we diňe bellenilen ulagdan peýdalanmaly bolarlar. Olaryň ýanynda gorag örtügini dakynmak, elleri yzygiderli ýuwmak ýaly sanitar çäreleriniň berjaý edilişine gözegçilik etjek Ýaponiýanyň hökümet işgärleri bolar.
Koronawirusa garşy çäreler boýunça gutarnykly karar beýleki döwletleriň garaýyşlaryna esaslanyp, şeýle-de Ýaponiýada we daşary ýurtlarda epidemiologiki ýagdaýy göz öňünde tutmak bilen häkimiýetler tarapyndan kabul ediler.

düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......