UFC 262 turnirinde Toni Fergýuson Beneil Dariuş bilen duşuşar

  • 16.03.2021 10:23
  • 12k+

MMA-nyň amerikaly söweşijisi Toni Fergýuson 2021-nji ýylyň 15-nji maýynda oktagona gaýdyp geler. Ol UFC 262 turnirinde amerikaly Beneil Dariuş bilen söweşer. Taraplar heniz şertnama gol çekmediler, ýöne dilden ylalaşyk gazanyldy diýip, prostoprosport.ru habar berýär.

Ýatlap geçsek, 37 ýaşly Fergýuson UFC-niň ýeňil diwizion reýtinginde bäşinji belgidedir. MMA-daky karýerasynyň dowamynda ol 25 ýeňiş gazandy we bäş gezek ýeňildi. Geçen ýyl Fergýuson iki gezek ýeňlişe sezewar boldy. Maý aýynda ol UFC 249 turnirinde Jastin Getjiden, dekabr aýynda UFC 256 turnirinde amerikaly Çarlz Oliweýradan ýeňildi. 
ABŞ-dan 31 ýaşly söweşiji Dariuşyň hasabynda 20 ýeňiş we dört ýeňliş bar. Soňky gezek Dariuş şu ýylyň fewral aýynda UFC Fight Night 184 turnirinde Diego Ferreýra bilen duşuşdy.

düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......