«Lasionyň» hüjümçisi Çiro Immobile «Altyn butsa» eýe boldy

  • 13.03.2021 15:23
  • 7.5k+

«Lasionyň» hüjümçisi Çiro Immobile 2019/2020 möwsümi üçin «Altyn butsy» baýragyny aldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy Rimiň häkimi Wirjiniýa Ragginiň we «Lasionyň» prezidenti Klaudio Lotitonyň gatnaşmagynda Kampidolýo şäher häkimliginde geçirildi. Bu barada bobsoccer.ru habar berýär.

«Men «Altyn butsyny» diňe suratlarda görýärdim, bu meniň üçin uly hormat. Bu baýragy şu zalda alanyma hem buýsanýaryn. Men ony janköýerlere bagyşlasym gelýär.
Maşgalam maňa güýç berýär, şonuň üçin sportda nämedir bir zady gazanmazymdan öň durmuşda öwreden zatlary üçin olaryň öňünde bergilidirin» — diýip, Immobile aýtdy.
«Men tutuş klub muňa buýsanmaly diýip pikir edýärin. Sebäbi iň gowy üstünliklere topar bilen ýetip bolýar. Her bir adam öz arzuwyna berk ynanmaly. Mende üýtgeşik zat ýok, ýöne men arzuwymy hasyl etdim. Muny her kim edip biler» — diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýatlap geçsek, baýrak milli çempionatynda has köp gol girizen oýunçylara berilýär. 2019/20-möwsüminde Immobile Italiýanyň çempionatynda «Lasio» üçin 36 pökgi girizdi. Bäsleşikde ikinji orny «Bawariýa» üçin 34 gol salan Robert Lewandowski, üçünji orny A Seriýanyň ýene bir wekili Kriştianu Ronaldu eýeledi. Geçen möwsümde onuň hasabynda 31 gol bar.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......