Türkmenistan Günorta Afrika Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

  • 11.03.2021 22:58
  • 5.5k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Günorta Afrika Respublikasynyň Halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri hanym Naledi Pandor bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini belläp geçmek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtadylar.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary diplomatiki gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýakyn wagtda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda syýasy geňeşmeleriň guralmagy we geçirilmegi babatynda, şonuň ýaly-da iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky ilçileriniň we hemişelik wekilleriniň derejesindäki özara hereketlerini ýygjamlaşdyrmak boýunça ylalaşdylar.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda ministrler çakylyklary alyşmak arkaly, özara saparlary guramak babatynda ylalaşyk gazandylar, saparlaryň barşynda ikitaraplaýyn resminamalar taýýarlanylar hem-de olara gol çekiler.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......