Žoan Laporta “Barselonanyň” prezidenti wezipesine saýlandy

  • 08.03.2021 23:45
  • 8.1k+

58 ýaşly ispan hukukçysy we katalon “Barselonasynyň” öňki prezidenti Žoan Laporta ýene-de bu wezipä saýlandy.

Ýatlap geçsek, Wiktor Font we Toni Freýşa hem klubuň prezidentligine dalaşgär hökmünde tassyklandy. Emili Russo bilen Augusti Benedito bolsa dalaşgärligini saýlawlardan aýyrdylar.
Sesleriň 99,9%-den gowragy sanalandan soň, Laporta 57,6% ses bilen liderlik edýär. Wiktor Font sesleriň 31,8 göterimini, Toni Freýşa 9,1 göterimini aldy diýip, kommersant.ru “Reuters” agentligine salgylanmak bilen habar berýär. Laportanyň garşydaşlary ony ýeňşi bilen eýýäm gutladylar.
Ilkibaşda saýlawlar 24-nji ýanwara meýilleşdirilipdi. Kataloniýanyň häkimiýetleri epidemiologiki ýagdaýyň saýlawçylaryň häkimlikleriň arasynda erkin hereket etmegine ýol bermeýändigini aýtdy.
Laportanyň ilkinji prezidentlik döwründe Kataloniýa kluby dört gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogyny utdy, üç gezek Ispaniýanyň Super kubogyny aldy, iki gezek Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy, UEFA-nyň Super kubogyny we Klublaýyn dünýä çempionatyny utdy.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......