6-njy mart — Madridiň «Real» futbol klubunyň döredilen güni

  • 07.03.2021 08:05
  • 6.7k+

XIX asyryň ahyrynda sport Angliýadan Ispaniýa gelip düşýär. 1897-nji ýylda Madridde ilkinji futbol topary döredilýär, ýöne tiz wagtdan ol dargaýar.

1902-nji ýylyň 6-njy martynda doganlar Padros bilen Hulian Palasios köne toparyň “harabalygyndan” Madrid futbol klubuny döredýärler.
1920-nji ýylyň 29-njy iýunynda Ispaniýanyň koroly Alfons XIII kluba “Patyşalyk” titulyny berýär, bu ispan dilinde “Real” sözi bilen aňladylýar. Şundan hem klubuň häzirki ady – “Real Madrid” gelip çykýar.
Häzirki günde “Real” dünýäniň iň meşhur futbol klublarynyň biri, Çempionlar ligasynda ýeňiş we gol sany boýunça rekordçy, şeýle-de 70-e golaý milli baýragyň eýesi. 2000-nji ýylda geçirilen ses berişligiň netijesi boýunça, ol FIFA tarapyndan XX asyryň iň gowy futbol kluby diýlip ykrar edildi.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......