Pele koronawirusa garşy sanjym aldy

  • 05.03.2021 20:16
  • 10k+

Dünýä çempionatynyň üç gezek çempiony braziliýaly futbolçy Pele koronawirusa garşy sanjym aldy. Futbolyň şasy muny Instagram sahypasynda habar etdi diýip, Sputnik ýetirýär.

"Bu gün ýatdan çykmajak gün. Maňa sanjym edildi" - diýlip, sag egnine sanjym edilip duran 80 ýaşly ozalky futbolçynyň suratynyň aşagyndaky ýazgyda aýdylýar.

Şeýle hem Pele öz abunaçylaryny pandemiýanyň dowam edýändigini ýatdan çykarmazlyga çagyrdy we arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň zerurdygyny ýatlatdy. Adamlardan mümkin boldugyça öýde galmagyny we köpçülige barlanda örtük ​​geýmeklerini we sosial aralygy saklamaklaryny sorady.

"Ýakynlarymyz hakda pikir edip, birek-birege kömek etsek, bu geçip gider" -diýip, Pele belledi.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......