Habib Russiýanyň haýsy futbol klubunda oýnamak isleýändigini aýtdy

  • 04.03.2021 23:27
  • 36k+

Habib Nurmagomedow «Spartak» futbol klubunyň düzüminde çykyş etmek isleýär. Bu barada türgen “KraSawa” programmasynda alyp baryjynyň sowalyna beren jogabynda aýtdy, diýip sm.news habar berýär. Bilşiňiz ýaly, ýanwar aýynda Habib gürrüňinde futbol karýerasyna professional derejede başlamak isleýändigini aýdypdy.

“Ahmal, Moskwanyň “Spartak” klubuny saýlardym. Bu halk topary ahyry. Meniň pikirimçe, kakam hem “Spartakda” oýnamagymy islärdi. Munuň üçin azyndan ýarym ýyl futbol türgenleşigi gerek bolar. Alty-ýedi kilogram agram hem aýyrmaly. Synanyşmak isleýärdim” – diýip, Habib aýtdy.

32 ýaşly söweşiji 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda UFC 254 turnirinde amerikaly Jastin Getjiden üstün çykandan soň, karýerasyny tamamlaýandygyny aýtdy. Onuň kakasy Abdulmanap geçen ýylyň iýul aýynda aradan çykdy. Ol “Spartak” toparynyň janköýeridi.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......