Tokiodaky Olimpiýa oýunlary daşary ýurtly tomaşaçylarsyz geçirilip bilner

  • 04.03.2021 08:53
  • 5.1k+

Ýaponiýa şu ýylyň tomsunda Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryny daşary ýurtly tomaşaçylarsyz geçirmek baradaky meseläni öwrenýär diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komitetiniň başlygy Seýko Hasimoto metbugat maslahatynda habar berdi. Muny rg.ru ýetirýär.

Häzirki wagtda ýapon häkimiýetleri bu mesele boýunça Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) wekilleri bilen işleşýär. Gelnen karar mart aýynda resmi taýdan yglan edilip bilner.

“Mart aýynyň dowamynda bu meseläni çözeris. Muny 25-nji martda Olimpiýa alawynyň estafetasy başlamazdan ozal çözmeli” – diýip, Hasimoto aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Olimpiada döwründe tomaşaçylaryň sany bilen bagly mesele boýunça-da karar aprel aýynda kabul ediler.
Ýatlap geçsek, 25-nji martda Fukusima prefekturasynda Olimpiýa odunyň estafetasy başlar. Fakeli göterijiler ada döwletiniň 47 sebitiniň hemmesinden geçip, 23-nji iýulda Tokio gelerler. Oýunlaryň açylyşy 24-nji iýula meýilleşdirilen.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......