R.Meredow: «Türkmenistan howpsuz zähmet migrasiýasy babatda oňyn hyzmatdaşlyga taýýar»

  • 03.03.2021 20:32
  • 16k+

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Halkara migrasiýa guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit utgaşdyryjysy, HMG-niň Türkmenistandaky, Gazagystan Respublikasyndaky, Gyrgyz Respublikasyndaky we Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň baştutany Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn tertipde duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna garaldy, geçen ýylda alnyp barlan bilelikdäki işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy, geljek döwür üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň HMG bilen gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda düzgünleşdirilen hem-de howpsuz zähmet migrasiýasy babatda oňyn hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.
Şu ýyl üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy, bu meýilnama “Adam söwdasyna garşy göreş hem-de migrantlara kömek” we “Tehniki hyzmatdaşlyk we serhetleri dolandyrmak” ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Türkmen tarapy sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly milli hem-de sebit derejesinde bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlara aýratyn üns berlip, hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şunuň bilen baglylykda, heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini peseltmek boýunça Sendaý çarçuwaly maksatnamasy barada aýdyldy. Bu babatda Türkmenistanyň Howpsuz, düzgünleşdirilen hem-de kanuny migrasiýa hakynda ählumumy şertnamadan gelip çykýan borçnamalaryny amala aşyrmak boýunça milli derejede hereketleri beýan edildi.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......