UFC-niň 26 ýaşly söweşijisi Hamzat Çimaýew karýerasyny tamamlady

  • 02.03.2021 19:50
  • 20k+

Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) söweşijisi Hamzat Çimaýew professional karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi. Bu barada ol özüniň Instagram sahypasynda aýtdy diýip, rsport.ria.ru belleýär.

Çimaýew bilen britaniýaly Leon Edwardsyň arasyndaky söweş 14-nji martda geçirilmelidi. Ýöne şwesiýaly söweşiji söweşmekden ýüz öwürdi. Bu kararyň sebäbi koronawirus keseliniň agyr geçmegi boldy. Mundan öň söweş iki gezek yza süýşürilipdi. 

“Goldawyňyz üçin hemmäňize minnetdarlyk bildiresim gelýär. Bu pellehana diýip pikir edýärin. Elbetde, çempion guşagyny almandygymy bilýärin, ýöne bu durmuşda iň möhüm zat däl. Ähtimal, bu sizi gynandyryp biler, ýöne ýüregim we bedenim meniň tamamlamalydygymy aýdýar. Toparyma we UFC-ä köp sagbolsun aýdýaryn” – diýip, Çimaýew ýazdy.

26 ýaşly Çimaýew garyşyk başa-baş göreşde dokuz söweşe gatnaşyp, dokuz ýeňiş gazandy. UFC-de onuň üç söweşde üç ýeňşi bar. Soňky gezek ol 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda söweşip, Jerald Merşerti nokauta gidirdi.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......