“Barselonanyň” öňki prezidenti Bartomeu tussag edildi

  • 02.03.2021 13:37
  • 17k+

Kataloniýanyň polisiýasy “Barselonanyň” öňki prezidenti Hosep Bartomeuny tussag etdi diýip, “Cadena Ser” radiostansiýasy habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, baş direktor Oskar Grau bilen hukuk bölüminiň başlygy Roman Gomes Ponti hem tussag edildi.
1-nji martda hukuk goraýjy edaralar katalon klubunyň edarasynda barlag işini geçirdiler. Bu derňew klub ýolbaşçylaryny ýolbaşçylygy tankytlaýan klubuň häzirki we öňki oýunçylaryna garşy sosial ulgamlarda töhmetçilikli kampaniýany geçirmekde aýyplaýan kazyýet işi bilen baglanyşyklydyr. “Barselona” tussag edilmeler baradaky maglumaty heniz tassyklamady.
Ýatlap geçsek, takmynan, bir aý mundan ozal KHBS-de Lionel Messiniň şertnamasy ýaýradyldy. Bartomeu, Grau we Ponti maglumatlaryň ýaýramagyna gatnaşan bolmagy mümkin şahsyýetleriň arasynda görkezildi.
Bartomeu 2014-nji ýyldan 2020-nji ýyl aralygynda “Barselonanyň” prezidenti boldy. 2021-nji ýylyň 7-nji martynda “Barselonanyň” prezident saýlawlary geçer. Bu wezipä Žoan Laporta, Wiktor Font we Toni Freýşa dalaş edýär. 

düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......