APL 10 müňe çenli janköýeri stadionlara goýbermegi meýilleşdirýär

  • 23.02.2021 15:42
  • 4.2k+

Maý aýynda Angliýanyň premýer-ligasynyň möwsümdäki jemleýji tapgyrynda 10 müňe golaý janköýer stadionlara girip biler. Bu barada rusfootball.info habar berdi.

Angliýanyň hökümeti 17-nji maýy koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeleri aýyrmagyň üçünji tapgyrynyň durmuşa geçirilip başlanjak ilkinji güni diýip yglan etdi. Premýer-liganyň häzirki dowam edýän möwsümi 23-nji maýda tamamlanar. Diýmek, şol gün tomaşaçylar münberlere dolanyp bilerler.
40 müňden gowrak janköýer kabul edip bilýän stadionlaryň 10 müňe çenli tomaşaçy kabul edip biljekdigi bellendi. Has kiçi meýdançalaryň dörtden bir bölegi doldurylar.

düýn 16:17
1k+

UEFA hemaýatkärlerden 1 milliard ýewrodan gowrak peýda almagy meýilleşdirýär

UEFA geljekki möwsümden başlap, klub ýaryşlarynyň (Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy) hemaýatkärliginden 1 milliard ýewrodan gowrak peýda almagy göz öňünde tutýar diýip, The Guardian......

düýn 00:22
3.2k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....

21.04.2026 23:24
2k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....

21.04.2026 20:58
4.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......