Naomi Osaka “Australian Open” ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 21.02.2021 15:07
  • 3.3k+

Ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka “Australian Open” ýaryşynda ýeňiji boldy. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Zenanlaryň ýekebara ýaryşynyň finaly şu gün Melburnda geçirildi. Aýgytly bäsleşikde Naomi Osaka (Ýaponiýa) we Jennifer Bredi (ABŞ) duşuşdy. Ýaponiýaly türgen 6:4, 6:3 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Bäsdeşler kortda 1 sagat 17 minut wagt geçirdiler.
Osaka karýerasynda ikinji gezek “Australian Open” ýaryşynda ýeňiji boldy. Ol ilkinji çempionlyk adyny 2019-njy ýylda alypdy. Mundan başga-da, iki gezek - 2018-nji we 2020-nji ýyllarda “US Open”-de ýeňiş gazanypdy.
Erkekleriň ýekebara ýaryşynyň finaly 21-nji fewralda - ýekşenbe güni bolar. Onda russiýaly Daniil Medwedew we ýaryşyň häzirki ýeňijisi serb Nowak Jokowiç titul ugrunda göreşerler.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......