Messi Çempionlar ligasynda Raulyň rekordyny gaýtalady

  • 19.02.2021 13:59
  • 11k+

Messi Çempionlar ligasynda yzly-yzyna 17-nji senenama ýylynda gol geçirip, Madridiň "Realynyň" öňki hüjümçisi Raulyň rekordyny gaýtalamagy başardy. Bu barada OptaJose Twitterde habar berdi.

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýnunda "Barselona" öz meýdançasynda "Pari Sen-Žermeni" kabul etdi. Duşuşyk ýer eýeleriniň “Kamp Nou” stadionynda geçirildi we myhmanlaryň 4:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Parižlileriň düzüminde Kilian Mbappe het-trik bilen, Moize Kin bolsa bir gol bilen tapawutlandy. "Barselonanyň" ýeke-täk goluny Lionel Messi 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.
"PSŽ" bilen "Barselonanyň" arasyndaky jogap oýny 10-njy martda Parižde (Fransiýa) geçiriler.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......