Çempionlar ligasynyň 1/8 finaly: «Ýuwentus» «Portudan» ýeňildi

  • 18.02.2021 08:28
  • 7.3k+

Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň birinji duşuşygynda italýanlaryň «Ýuwentusy» myhmançylykda portugallaryň «Portusyndan» asgyn geldi.

«Portunyň» düzüminde Mehdi Taremi (2-nji minut) we Mussa Marega (46) tapawutlandy. «Ýuwentusdan» Federiko Kýeza (82) gol geçirdi.
«Portu» taryhynda birinji gezek «Ýuwentusdan» üstün çykdy. Mundan öň, dört oýunda italýanlar ýeňiş gazanyp, bir duşuşyk deňme-deňlikde tamamlanypdy. Soňky gezek klublar 2016/17 möwsümde Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda duşuşyp, şonda «Ýuwentus» garşydaşyny 2:0 we 1:0 hasabynda ýeňipdi.
Jogap duşuşygy 9-njy martda Turinde geçiriler.

düýn 14:54
3.6k+

Donnarumma “PSŽ-den” “Mançester Sitä”, Ederson “Fenerbahçä” gidýär

Italiýaly derwezeban Janluiji Donnarumma karýerasyny “Mançester Sitide” dowam etdirer. Iňlis kluby fransuz “Pari Sen-Žermeni” bilen futbolçynyň transferi barada ylalaşyk gazandy. Transfer mukdary 39 mln ýewro bolar diýip, žurnalist Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi...

düýn 13:07
4k+

“Liwerpul” Isak bilen şertnama baglaşdy: bu futbol taryhynda iň gymmat üçünji transfer

Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Aleksandr Isak “Liwerpul” bilen alty ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol toparda 9-njy belgini aldy diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi. The Athletic-iň we žurnalist Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, klub 25 ýaşly hüjümçiniň geçmegi üçin “Nýukasla” 125 mln funt (144 mln ýewro) töledi...

01.09.2025 19:09
8.6k+

“Men Garri Potter däl”: Erik ten Hag üç oýundan soň “Baýeriň” tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Niderlandly Erik ten Hag Lewerkuzeniň “Baýeriniň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Klubuň baş müdiri Fernando Karro şeýle çözgüdiň agyr bolsa-da, zerur ädimdigini belledi diýip, klubuň metbugat gullugy habar berýär...

01.09.2025 17:08
8.6k+

Messi 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek finalda utuldy: “Inter Maýami” Ligalaryň kubogyny elden gidirdi

“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi soňky dört ýylda ilkinji gezek final oýnunda utuldy. Onuň kluby 1-nji sentýabrda Sietlde geçen Ligalaryň kubogynyň aýgytly oýnunda “Sietl Saundersden” 0:3 hasabynda utuldy...