Çempionlar ligasy: «Liwerpul» 2:0 hasabynda «Leýpsigden» üstün çykdy

  • 17.02.2021 08:57
  • 6.1k+

Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda «Liwerpul» 2:0 hasabynda «Leýpsigden» üstün çykdy.

«Liwerpulyň» düzüminde Mohammed Salah (53-nji minut) we Sadio Mane (58) tapawutlanmagy başardylar.
Belläp geçsek, «Liwerpul» ähli ýaryşlarda geçen 12 duşuşykda bary-ýogy üç ýeňiş gazandy. Angliýanyň çempionatynda iňlis kluby bassyr üç oýun bäri utulyp gelýär.
Jogap duşuşygy 10-njy martda Liwerpulda geçiriler.

şu gün 12:23
3.2k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...

şu gün 12:05
1.3k+

UFC-niň taryhyndaky ilkinji zenan tutluşygy Şöhrat zalyna giriziler

Hytaýly Weýli Çžanyň we polşaly Joanna Ýedžeýçigiň arasyndaky tutluşyk UFC-niň Şöhrat zalyna giriziler. Munuň bilen bagly dabara, Las-Wegasda geçirilen UFC 326 ýaryşynyň dowamynda yglan edilişine görä, şu ýylyň tomsunda geçiriler...

şu gün 07:58
3.3k+

UFC 326 turnirinde Oliweýra Holloueýden üstün çykyp, 2,2 million dollardan gowrak girdeji gazandy

UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Çarlz Oliweýra UFC 326 turniriniň iň köp hak tölenýän gatnaşyjysy boldy. Sporty Salaries portalynyň maglumatlaryna görä, braziliýaly söwüşiji agşamyň esasy tutluşygy üçin 2,282 million dollar aldy...

düýn 20:53
10k+

Braziliýada futbol emini bir oýunda 23 sany gyzyl kart görkezdi

Braziliýanyň «Atletiko Mineýro» we «Kruzeýro» klublarynyň futbolçylary bir oýnuň dowamynda jemi 23 sany gyzyl kartoçka aldylar. «Globo» neşiriniň habar bermegine görä, bu waka Mineýro ştatynyň çempionatynyň final duşuşygynyň ahyrynda ýüze çykan köpçülikleýin dawa-jenjel sebäpli boldy...