R.Meredow Pakistanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

  • 16.02.2021 15:52
  • 5.4k+

15-nji fewralda Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Irfan Ahmed Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa Ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn netijeler bilen ösdürilmegi barada belläp geçdiler.
Diplomatlar Daşary işler ministrlikleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň netijeliligi babatynda hem durup geçdiler. Aýratyn hem, abraýly halkara we sebit düzümleri, hususan-da, BMG, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi nygtaldy.
Şeýle-de taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýyny, hususan-da, energetika hem-de kommunikasiýalar ulgamlary boýunça özara hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň we «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan» ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň ähmiýetini nygtap geçdiler.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......