FIDE dalaşgärler ýaryşynyň gaýtadan başlajakdygyny habar berdi

  • 16.02.2021 14:11
  • 2.7k+

Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) koronawirus pandemiýasy sebäpli togtadylan Dalaşgärler ýaryşy 19-njy aprelde Ýekaterinburgda dowam etdiriler. Bu barada federasiýanyň web sahypasyna salgylanyp, championat.com habar berdi.

Ýaryş 2020-nji ýylyň 17-nji martynda Ýekaterinburgda başlanyp, birinji aýlawyň oýunlary - ýedi tapgyr oýnalypdy. Indi ýaryş dowam etdirilip, 2021-nji ýylyň 19-njy aprelinde sekizinji tapgyr başlanar. Küşt boýunça dünýä çempionlygyna dalaşgäriň kim boljagy 28-nji aprelde kesgitlener, zerur bolan ýagdaýynda, taý-breýk geçiriler.
Dalaşgärler ýaryşynda fransuz Maksim Waşýe-Lagraw we russiýaly Ýan Nepomnýaşiý ýedi tapgyrdan soň hersi 4,5 utuk toplap, öňde barýarlar. Olardan soň russiýaly Aleksandr Grişuk, gollandiýaly Aniş Giri, amerikaly Fabiano Karuana, hytaýly Wan Hao (hemmesi - 3,5), russiýaly Kirill Alekseýenko we hytaýly Ding Ližen (ikisi-de - 2,5) gelýär.
Bäsleşigiň ýeňijisi 24-nji noýabrdan 16-njy dekabr aralygynda Dubaýda geçiriljek dünýä çempiony norwegiýaly Magnus Karlsen bilen küşt täji ugrunda oýnamaga hukuk gazanar.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......