«Ýuwentus» «Napoliden» utuldy

  • 14.02.2021 10:13
  • 8.4k+

Italiýanyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynda «Ýuwentus» myhmançylykda 0:1 hasabynda «Napoliden» ýeňildi.

Duşuşygyň 31-nji minudynda 11 metrlik jerime urgusyndan Lorenso Insinýe ýeňiş pökgüsini tora gönükdirdi. Bu pökgi Insinýe üçin «Napoliniň» düzümindäki ýüzünji goly boldy.
«Ýuwentusyň» goragçysy Jorjo Kiellini bolsa Italiýanyň çempionatynda 400-nji we turin klubunyň düzüminde ähli ýaryşlarda 500-nji duşuşygyny geçirdi.
«Ýuwentus» A Seriýada bassyr üç ýeňişden ybarat tapgyryny bozdy. Turin kluby 42 utuk bilen sanawda üçünji orunda ýerleşýär. «Napoli» 40 utuk toplap, dördünji ýere çykdy.
Indiki tapgyrda Andrea Pirlonyň şägirtleri 22-nji fewralda öz meýdançasynda «Krotoneni» kabul eder. Jennaro Gattuzonyň şägirtleri bolsa 21-nji fewralda «Atalanta» bilen duşuşar.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......