Türkmenistanyň Prezidenti täze döwlet maksatnamalaryny we strategiýalary tassyklady

  • 12.02.2021 23:39
  • 17k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlap şu gün geçiren giňişleýin mejlisinde täze döwlet maksatnamalaryny we ösüşiň dürli ugurlary boýunça strategiýalary tassyklady.

Hususan-da, 
Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy;
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy;
Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy tassyklanyldy;
Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy tassyklanyldy.
Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine degişli resminamalaryň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy. 

şu gün 02:06
200

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

düýn 20:46
4.4k+

ABŞ-da 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wiza» tassyklanyldy: eýýäm ýüzlerçe arza taýýar

Donald Trampyň administrasiýasy ABŞ-da ýaşamak rugsadyny berýän 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wizany» tassyklady. Söwda ministri Goward Lýutnik häzirki wagtda bu mümkinçilige eýe bolmak üçin ýüzlerçe......

düýn 09:48
1.6k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......

25.04.2026 16:51
7.8k+

Aziýa baýlarynyň sanawy üýtgedi: Gautam Adani Mukeş Ambaniden öňe geçdi

Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär....