2021-nji ýyl üçin maliýe-ykdysadyýet toplumynyň wezipeleri kesgitlenildi

  • 11.02.2021 09:00
  • 22k+

10-njy fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler dogrusynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutany düzümlerde, hususan-da, bank ulgamynda alnyp barylýan işleriň guralyşyna nägilelik bildirip, degişli ýolbaşçylardan netijeli usullary ornaşdyrmagy talap etdi.
Iş maslahatynyň barşynda şeýle hem maliýe-ykdysadyýet toplumynyň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmagyň gurallaryny kämilleşdirmek, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna yzygiderli seljermeleri geçirmek hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.
Şeýle hem býujetiň girdeji we çykdajy bölegi boýunça meýilnamalaryň berjaý edilmegine, salgytlaryň doly we wagtynda tölenmegine, býujet serişdeleriniň rejeli hem-de maksadalaýyk sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmek bellenildi.
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylabowa ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, zähmete ukyply raýatlary sebitler we pudaklar boýunça işe ýerleşdirmek üçin zerur işleri yzygiderli geçirmek tabşyryldy. Durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlara hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny berip, olaryň ilkinji nobatda işe ýerleşdirilmegini gözegçilikde saklamaly.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegowa ykdysadyýetiň nazaryýetinden, kadalaryndan we oňyn halkara tejribesinden ugur alyp, jemi içerki önümi we beýleki makroykdysady görkezijileri hasaplamagyň usulyny kämilleşdirmek tabşyryldy. Türkmenistanyň esasy maliýe-ykdysady görkezijileri baradaky maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmeli.
“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy M.Hojagulyýewe Gullugyň welaýatlarda we sebitlerde ýerleşýän düzüm birlikleriniň hem-de barlaghanalarynyň barlag-synag enjamlary bilen üpjünçiligini, önümleriň we harytlaryň dürli görnüşlerini sertifikatlaşdyrmak mümkinçiliklerini öwrenmek tabşyryldy.
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedowa halkara bazarynda, dünýä jemgyýetçiliginde ulanylýan döwrebap ätiýaçlandyryş görnüşlerini we hasaplamagyň kadalaryny yzygiderli öwrenmek hem-de ýurdumyzda ornaşdyrmak, usulyýeti kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmek tabşyryldy.
Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe hem-de täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylaryna ýurdumyzda nagt puluň dolanyşygyny kadalaşdyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň 40 %-den ýokary bolmagyny gazanmak tabşyryldy.
Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky we beýleki halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk strategiýalaryny täzelemek bellenildi.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorlaryna anyk tabşyryklar berildi. Institutlaryň professor-mugallymlarynyň, ykdysatçy alymlaryň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň hünärmenleri bilen bilelikde dünýä ykdysadyýetinde garaşylýan ykdysady çökgünlikleriň tapgyrlaryny yzygiderli seljermegi hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirip biljek oňaýsyz täsiriniň öňüni almak boýunça çäreleri işläp taýýarlamagy hem-de ykdysadyýet, maliýe we bank toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy döwrüň talabyna laýyklykda guramagy hökmandyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Wise-premýer G.Müşşikowa ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşini üpjün etmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini kadaly saklamak, döwletiň girdejilerini has-da artdyrmak we ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça degişli işleri durmuşa geçirmek tabşyryldy.

şu gün 10:01
47

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

şu gün 09:35
586

Ýokary girdeji, ýokary salgyt: Waşington «millionerler salgydy» baradaky kanuny kabul etdi

Waşington ştatynyň kanun çykaryjylary «millionerleriň salgydy» hökmünde belli bolan ýokary girdejiler üçin girdeji salgydyny girizmek baradaky kanun taslamasyny kabul etdi. Bu barada «The New York Times» (NYT) habar berýär...

şu gün 09:29
321

R.Meredow we Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekilhanasynyň ýolbaşçysy ynsanperwer hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

13-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...

şu gün 00:49
3.1k+

Türkmenistanyň wekillerini Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugradarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...