Daniýa Demirgazyk deňzinde dünýäde ilkinji energetika adasyny gurar

  • 07.02.2021 23:19
  • 8.2k+

Daniýanyň energetika edarasy elektrik energiýasyny öndürýän dünýäde ilkinji merkeziň taslamasyny işläp düzdi. Taslamanyň bahasy 34 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar diýip, rueconomics.ru habar berýär.

Ýel generatorlary bolan emeli ada Ýutlandiýanyň kenaryndan uzakda bolmadyk Demirgazyk deňzinde peýda bolar. Ýörite döredilen meýdançada ýüzlerçe turbinaly elektrik stansiýasy ýerleşdiriler. Onuň kömegi bilen Kopengagen “ýaşyl” energetikanyň ösüşini üpjün etmek we Ýewropanyň energiýa ulgamlarynyň birleşmegine goşant goşmak isleýär.
Daniýa taslamanyň esasy eýesi bolup galar. Taslamada hususy kompaniýalar innowasiýany, çeýeligi, girdejililigi we işewürlik mümkinçiliklerini üpjün etmekde möhüm rol oýnar. Milli howa we energetika ministrligi ýurduň durnukly ösüşini we howpsuzlygyny üpjün etjek taslamany “täze eýýamyň başlangyjy” diýip atlandyrdy. 
Gurluşygyň birinji tapgyrynda umumy kuwwaty 3 gigawat bolan 200 sany ýel turbinasy gurlar, 2033-nji ýylda taslamanyň ahyrynda onuň kuwwaty 10 gigawata ýeter. Daniýa 2030-njy ýyla çenli uglerod zyňyndylaryny 1990-njy ýyla garanda, 70% azaltmagy we 2050-nji ýyla çenli howanyň bitaraplygyny gazanmagy maksat edinýär.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......