Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady

  • 28.01.2021 23:13
  • 12k+

Sadyr Japarow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişdi. Şu mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kärdeşine gutlag hatyny iberdi.

“Häzirki döwürde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklary giňeltmek üçin biziň döwletlerimiziň uly mümkinçilikleri bar. Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy täze ýokary derejä çykarmak üçin geljekde hem ähli tagallalary etmäge taýýardyrys” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirmek bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......