Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna baryp gördi

  • 27.01.2021 08:29
  • 21k+

Aşgabat boýunça iş saparynyň çäklerinde türkmen Lideri ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna baryp gördi. 

Uzynlygy 600 kilometre golaý bolan bu iri awtomobil ýolunyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistiki hyzmatlarynyň hilini we tiz ýerine ýetirilişini ep-esli artdyrmaga ýardam eder. Aşgabat-Türkmenbaşy ýoly bilen birleşmeginiň netijesinde ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen birleşdirýän awtoban ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna göni çykalgany üpjün eder, ondan aňryk deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa tarap, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder.
Taslamany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti amala aşyrýar. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak bilen birlikde, iň häzirki zaman awtomobil ýoluny gurmak boýunça işleri “Nusaýýollary” we “Hyzmat merkezi” hususy kärhanalar, “Edermen” we “Altyn nesil” hojalyk jemgyýetleri amala aşyrýarlar.
Awtobanyň birinji bölegini—Aşgabat-Tejen aralygyny şu ýyl, Tejen-Mary bölegini—2022-nji ýylyň dekabrynda we üçünji—Mary-Türkmenabat bölegini—2023-nji ýylyň dekabrynda ulanyşa tabşyrmak maksat edinilýär.
Awtomobil ýoly hereket etmegiň esasy üç ugruny özünde jemlär we her tarapdan bir goşmaça ugur bolar. Ýoluň ini 34,5 metre barabar bolar. Awtoban Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde guruljak çatrykdan başlanar. Şu ýerde elektron hasaplaşygyny hem göz öňünde tutýan töleg merkezleri, ýol gözegçiligi gullugynyň bölümi, dynç almak üçin meýdançalar ýerleşdiriler.
Ýokary tizlikli ýola degişli derejede tehniki taýdan hyzmat etmek üçin degişli beketleri hem bina etmek meýilleşdirilýär. Ýol hereketini awtomatik ulgam dolandyrar. Şol ulgam üznüksiz wideo gözegçiligiň kömegi bilen ulag akymy boýunça hemme maglumatlary ýygnaýar we saklaýar hem-de ýol gözegçiligi gullugyna iberýär. Şeýle hem şu ýere howanyň ýagdaýyna gözegçilik edýän beketden çyglylyk, aralygy görüp boluş ýagdaýy ýaly ölçegleri özünde jemleýän maglumatlar we beýlekiler iberiler.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy, şeýle hem degişli ýolbaşçylar döwlet Baştutanyny Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň I, II, III tapgyrlarynyň çäklerinde meýilleşdirilen işler bilen tanyşdyrdylar.
Döwlet Baştutany taslama käbir düzedişleri girizdi hem-de ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine we ekologiýa talaplaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny tabşyrdy.

düýn 23:23
704

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

düýn 17:11
1.2k+

Rimde iňlis dilinde ýazylan VII asyra degişli iň gadymy goşgynyň nusgasy tapyldy

Rim şäheriniň Milli merkezi kitaphanasynda VII asyrda döredilen we iňlis dilinde şu güne çenli saklanyp galan iň gadymy şygyr bolan «Kedmonyň senasynyň» ozal näbelli bolan golýazmasy tapyldy. «The Guardian»......

düýn 15:54
3.2k+

Dubaýda 9,25 milliard dollarlyk «Altyn liniýa» gurulýar: metro ulgamy 25% giňeler

Dubaýda bahasy 9,25 milliard dollara barabar bolan metronyň täze «altyn liniýasynyň» gurluşygy yglan edildi. Bu taslama barada emirligiň häkimi şeýh Muhammed bin Raşid Al Maktum habar berdi....

düýn 15:06
1.1k+

Totyguşlaryň adamlara ýörite yşaratlar arkaly ýüzlenýändigi anyklandy

Geçirilen täze ylmy barlag totyguşlaryň kesgitli adamlara we haýwanlara ýüzlenmek üçin özboluşly ses signallaryny ulanýandygyny görkezdi. Bu barada Phys.org ylmy portalynda çap edilen makalada aýdylýar....