Boeing 2030-njy ýyla çenli bio-ýangyçda uçýan uçarlary çykaryp başlar

  • 26.01.2021 14:22
  • 9.4k+

Amerikanyň Boeing aerokosmiki korporasiýasy 2030-njy ýyla çenli 100% bio-ýangyçda uçup bilýän täjirçilik uçarlaryny ýola goýmaga taýýardygyny habar berdi. Bu kompaniýadan uçarlaryň hereketlendiriji ulgamlaryny kämilleşdirmegi we uçuşlarda bio-ýangyjyň ýüz göterim ulanylmagy üçin global awiasiýa düzgünleşdirijilerinden şahadatnama almagy talap eder diýip, kommersant.ru belleýär.

Boeing bu ugurda eýýäm birnäçe wagt bäri iş alyp barýar. 2018-nji ýylda ýüz göterim bio-ýangyjy ulanmak bilen ilkinji gatnaw amala aşyryldy. Bu Boeing 777 ýük uçarydy, synag uçuşy FedEx transport kompaniýasy tarapyndan geçirildi.
Umuman, hereket edýän düzgünlere laýyklykda, adaty uçuşlar üçin bio-ýangyjyň iň ýokary düzümi 50%, garyndynyň galan 50%-i adaty awiasiýa ýangyjy bolmaly.
Awiasiýa üçin bio-ýangyç dürli çig maldan, şol sanda iýilmeýän ösümliklerden, oba hojalygy we tokaý galyndylaryndan, gaýtadan ulanylmaýan öý galyndylaryndan we senagat gaz zyňyndylaryndan öndürilip bilner diýip, Boeing belleýär.
ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň maglumatlaryna görä, bio-ýangyjyň ulanylmagy atmosfera kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 80% azaltmaga mümkinçilik berer.

şu gün 11:08
443

«Woýajerler» Gün ulgamyndan daşlaşýar, emma wagtlaýynça Ýer bilen ýakynlaşýar: Nädip?

1970-nji ýyllarda älem giňişligine uçurylan «Woýajer-1» we «Woýajer-2» planetara stansiýalary 40 ýyldan gowrak wagt bäri Gün ulgamyndan daşlaşyp gelýärler. «Woýajer-1» 2012-nji ýylda, «Woýajer-2» bolsa 2018-nji ýylda ýyldyzara giňişlige çykdy...

düýn 19:36
3.2k+

ILMI merkezi: Er-Riýadda geljekki zehinler üçin täze merkeziň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär

Saud Arabystany Er-Riýadda alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk taslamasynyň täze suratlaryny çap etdi. Mohammed bin Salmanyň (Misk City) adyny göterýän dünýäde ilkinji girdejisiz şäheriň merkezinde ýerleşýän ILMI ylmy-barlag toplumy kem-kemden kemala gelýär...

düýn 14:07
1.9k+

Alymlar Aýda nohut ösdürip ýetişdirmegi teklip etdiler

Ostindäki Tehas uniwersitetiniň we Tehas A&M uniwersitetiniň hünärmenleri Aýda guruljak geljekki bazalarda nohut ösdürip ýetişdirmegi teklip etdiler. Geçirilen tejribeleriň dowamynda olara Aýyň topragynyň nusgasynda — regolitde bu ösümligi ösdürip ýetişdirmek we hasyl almak başartdy...

14.03.2026 23:33
3.5k+

Starlink interneti çaltlandyrmak üçin hemralarynyň bir bölegini Ýere has ýakyn getirdi

Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy öz hemralary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Soňky günlerde bu usullaryň biri hökmünde hemralar toparynyň bir bölegi Ýere golaý pes orbita geçirilýär...