"Australian Open" karantine garamazdan meýilnama boýunça geçiriler

  • 17.01.2021 23:22
  • 2.5k+

Ýaryşyň direktory Kreýg Taýli Awstraliýanyň tennis boýunça Açyk çempionatynyň karantine garamazdan meýilnama laýyklykda geçiriljekdigini mälim etdi. Bu barada ýekşenbe güni sputnik.by habar berdi.
Ýaňy-ýakynda ýaryşa gelen 47 oýunçynyň karantine ýerleşdirilendigi habar berildi. Aýdylmagyna görä, munuň sebäbini tennisçileriň ýaryşa baran gatnawyndaky ýolagçylaryň käbiriniň koronawirus üçin oňyn synag tabşyrandygy bilen düşündirýärler.
Kreýg Taýli ýagdaýyň has gowulandyrylmagy üçin guramaçylaryň mümkin bolan ähli zady etjekdigine ynandyrýar.
Ýeri gelende bellesek, Awstraliýanyň Açyk çempionaty 8-21-nji fewral aralygynda Melburn şäherinde geçiriler.

 

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......